Turkmenportal logo
21.02.22
10661066
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Putin we Baýden Makronyň howpsuzlyk boýunça sammit geçirmek baradaky teklibini kabul etdiler
Surat: Denis Balibouse / Reuters

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron düýn RF-niň we ABŞ-nyň döwlet Baştutanlary Wladimir Putin hem Jo Baýden bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi.


Fransuz lideri olara Ýewropada howpsuzlyk we strategik durnuklylyk boýunça sammit geçirmegi teklip etdi.


«Prezidentler Putin we Baýden şeýle duşuşygyň geçirilmegini goldadylar» diýip, Parižde habar berdiler. Şol bir wagtda meýilleşdirilýän sammitiň gün tertibiniň ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bilen RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 24-nji fewralda boljak duşuşygy wagtynda taýýarlanjakdygy aýdylýar.


Bu barada RIA Nowosti ýazýar.