Turkmenportal logo
17.02.22
42244224
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Raşid Meredow rus kärdeşi bilen VI Hazar sammitine taýýarlygy maslahatlaşdy
Surat: turkmenistan.mid.ru

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de taraplar Altynjy Hazar sammitiniň taýýarlygy bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.


Ozal habar berşimiz ýaly, 22-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň guralmagy meýilleşdirilýär.