Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar onuň arakesmesinde berlen toý sadakasyna gatnaşdylar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sadakadan öň Halk Maslahatynyň mejlisiniň aýratyn ähmiýetini nygtady, onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çözgütler kabul ediler. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilen ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen nygtap, olaryň ählisiniň Hökümetiň mejlisiniň barşynda beýan edilendigini, geçen 2021-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleriniň jemlenilendigini aýtdy.
Türkmenistanyň müftüsi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara eýerip, toý sadakasynda tebärek çykdy. Onda Beýik Biribardan ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlyk derejesiniň ýokarlanmagy, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylmagy dileg edildi. Munuň özi jemgyýetimiziň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan taryhy çäreleriň milli däp-dessurlar bilen utgaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Tebärek çykylandan soň, toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Bereketli desterhanlaryň başyna jem bolan adamlar parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty, ýurdumyzda asudalygyň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň berkidilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Halkymyzyň milli aşhanasynyň datly tagamlary, olaryň köpdürlüligi türkmen halkynyň tagam taýýarlamakda, toý sadakalaryny agzybirlikde geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny görkezýär.
Duz-tagam dadylandan soň, aýat-doga okaldy.
Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow toý sadakasynyň dowamynda dutar çalmak bilen, sadaka gatnaşanlara halk sazlarynyň jadylaýjy mukamlaryndan lezzet almaga mümkinçilik beren bagşy-sazandalara minnetdarlyk bildirdi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň döreden we kämilleşdirýän milli ruhy gymmatlyklarynyň, sungatynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, dutar dünýäde ýeke-täk notasyz çalynýan saz guraly hökmünde bellidir. Bu sungatyň notasy ussat dutarçylaryň damaryndaky ganynda, türkmen halkynyň ar-namysyndaky we wyždanyndaky notadyr. Munuň özi çalnyşy babatda bolşy ýaly, özboluşly owazy babatda dünýä nusgalyk saz guralydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, “Toýdan topukça” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzda toýa gelenlere toý paýyny bermek dessurynyň bardygyny belledi we bagşy-sazandalara çuňňur minnetdarlygyň nyşany hökmünde toý düwünçeklerini paýlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany şu günki möhüm waka mynasybetli berlen toý sadakasy tamamlanandan soň, paýtagtymyzyň Hezreti Omar metjidinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň metjitlerinde okalýan juma namazlarynda ýagşy dilegleriň edilýändigini belledi.
Metjitlerde okalan juma namazlarynda Beýik Biribardan ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bereketli türkmen topragynda abadan we bagtyýar durmuşyň berkarar bolmagy, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän ähli asylly başlangyçlaryň üstünliklere beslenmegi barada dilegler edildi.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem toý sadakalary berildi.