Turkmenportal logo
10.02.22
2753127531
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň egin-eşik haryt nyşanly dükanlary ähli harytlar üçin 50 göterime çenli arzanladyşlyk yglan edýär

«Koton», «Koton Kids», «Colin`s», «Altin Yildiz», «Ramsey» we «Mavi» ýaly dünýä meşhur egin-eşik haryt nyşanlarynyň Türkmenistandaky dükanlary henize çenli görlüp-eşidilmedik aksiýa çäresini yglan etdi.


Müşderiler paýtagtymyz Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýän «Koton», «Koton Kids», «Colin`s», «Altin Yildiz», «Ramsey» we «Mavi» haryt nyşanly egin-eşik dükanlaryndan öz halaýan önümlerini 10-njy fewraldan 14-nji fewral aralygynda arzan bahadan satyn alyp bilerler.


«Ramsey» haryt nyşanly egin-eşik dükany ýigitler üçin niýetlenilen döwrebap lybaslary eşikleri 30 göterim arzan bahadan hödürleýär.


«Mavi» haryt nyşanly egin-eşik dükany dünýä meşhur jinsi geýimlerinden birini satyn alan müşderilere şol harydyň ikinjisini 50 göterim arzan bahadan berýär.


«Altin Yildiz» haryt nyşanly egin-eşik dükany hem birden köp haryt satyn alan müşderilere 50 göterim arzanladyşlyk yglan edýär.


«Koton» haryt nyşanly zenan egin-eşik dükany bolsa 1000 manatlyk söwda eden müşderilere satyn alan harytlary üçin 300 manat nagt pul berýär.


«Koton», «Koton Kids», «Colin`s», «Altin Yildiz», «Ramsey» we «Mavi» ýaly dünýä meşhur egin-eşik haryt nyşanlarynyň wekilleriniň gyzykly teklipler we aksiýalar bilen Türkmenistanyň ilatyny yzygiderli begendirýändigini aýratyn bellemelidiris.


Geçen aýda geçirilen aksiýa çäresiniň netijesimnde bir awtoulag we başga-da onlarça gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Şeýle hem, bu dükanlar 10 göterim arzanladyşlygy öz içine alýan müşderileriň doglan günleri üçin niýetlenilen hemişelik aksiýa çäresini hem yglan etdi.