Turkmenportal logo
27.01.22
74127412
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanyň futbol ýygyndysyna horwatiýaly hünärmen baş tälimçi bellenildi

55 ýaşly horwatiýaly hünärmen Petr Segrt, Täjigistan futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi.


Pro ygtyýarnamasyna eýe bolan tälimçi, karýerasynyň dowamynda Germaniýanyň dürli klublarynda işledi. Onuň soňky işlän topary Indoneziýanyň «Makassary» boldy.


Şeýle hem Petr Segrt 2008-nji ýylda Gruziýanyň, 2015 ― 2017-nji ýyllar aralygynda Owganystanyň, 2018 ― 2020-nji ýyllarda bolsa, Maldiw adasynyň ýygyndylaryna tälim berdi.


Täjigistan milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi Usman Taşew bolupdy.