Turkmenportal logo
07.01.22
1576915769
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Tähranda gulluk iş saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasy laýyklykda, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek üçin Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


Bu Resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.