Turkmenportal logo
23.12.21
1155911559
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi makala ýazmak bäsleşigini yglan etdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi eýran-türkmen dostlukly gatnaşyklaryny, iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer, edebi hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de mynasyp dowam etdirmek maksady bilen makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik iki döwletiň medeni gatnaşyklarynyň ugurlaryny, geçmişden şu güne çenli ösdürilip gelýän özara dostlugy ýaýbaňlandyrmagy, aýratyn-da Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň ruhy gymmatlyklarynyň arabaglanyşygyny giňden açmagy nazarda tutýar.


Makala bäsleşigi Eýrany öwreniş hem-de eýran-türkmen medeniýetiniň umumylyklary, Eýranyň edebiýat jemgyýeti, taryhy şahsyýetleri, eýran kinosy hem-de bu halkyň däp-dessurlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýokary okuw mekdepleri, türkmen hem eýran ruhy gatnaşyklary, şol sanda özara baglanyşykly golýazmalar, eýran binagärligi, şeýle-de sport mowzuklary boýunça geçirilýär. Oňa 15 — 45 ýaş aralygyndaky islendik adamyň gatnaşmaga hukugy bardyr.


Eýran mowzugynda makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, oňa iberilýän makala azyndan A4 ölçeginde 5 sahypadan ybarat bolmalydyr. Makalalar türkmen, rus, iňlis we pars dillerinde kabul edilip, pars dilinde ýazylan makalalara aýratyn ähmiýet berler. Makalalar 2022-nji ýylyň 25-nji ýanwaryna çenli medeniýet merkeziniň iranculturalconsulate@gmail.com elektron salgysy arkaly ýa-da diske ýazylan görnüşde Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 100-nji jaýynda ýerleşýän ilçihananyň Medeniýet merkezinde kabul edilýär.


Bäsleşikde makalalary has tapawutlanan gatnaşyjylar Hormat hatlary hem-de baýraklar bilen sylaglanar. Bäsleşigiň arzyly 1-nji orny üçin 1500 manat, 2-nji orna 1200 manat, şeýle-de üçünji orun üçin 1000 manat pul baýragy berler. Has giňişleýin maglumat almak üçin +993 61989683 hem-de +993 61010938 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz.


Baýrakly orunlara eýe bolan gatnaşyjylar 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda “Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýyllygyna” bagyşlanyp geçiriljek medeni maslahat dabarasynda sylaglanar.