Turkmenportal logo
19.11.21
3160831608
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkhowaýollary» Türkmenistandan ýörite uçuşy amala aşyrar

«Türkhowaýollary» kompaniýasy 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyryna çenli Türkmenistandan ýene iki sany ýörite uçuş gatnawy amala aşyrar. Bu barada “Atavatan Türkmenistan” web saýtynda habar berilýär.


Türkmenbaşy-Stambul we Aşgabat-Stambul ugurlarynda 25-nji we 29-njy noýabrynda amala aşyrylar.


Ýadyňyzda bolsa, «Türkhowaýollary» kompaniýasy Türkmenistandan ýörite uçuşy 22-nji noýabrda meýilleşdirýändigini habar beripdi. Bu gatnaw bilen bilelikde noýabr aýynyň ahyryna çenli ýene üç uçuş amala aşyrylar.


Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky yzygiderli gatnawlar togtadylypdy.