Turkmenportal logo
15.11.21
880880
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2021: Hojaberdiýew «Şagadamda» 10-njy goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynda ozal «Energetik» we «Köpetdag» toparlarynda hem çykyş eden Kerim Hojaberdiýew «Şagadamyň» düzüminde Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 10-a tegeledi.


Şeýlelikde, ol bu netije bilen «Şagadamda» 2013-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda 13-nji orna çykdy. Häzir ol bu orny Annageldi Weliýew bilen paýlaşýar. Eger Kerim Ýokary ligada ýene ýekeje pökgi geçirse, Baýramgeldi Nurlyýew bilen 12-nji orna şärik bolar.


Ýeri gelende aýtsak, ýokarda agzalan möwsümden bäri «Şagadamyň» iň netijeli futbolçylarynyň sanawynyň başyny Aleksandr Boliýan çekýär. Ol toparda 57 gezek tapawutlanypdy. Ikinji orunda 55 golly Hemra Amanmämmedow, üçünji orunda 32 golly Mämmedaly Karadanow bar.