Amerikaly işewür Ilon Mask özüniň Tesla kompaniýasynyň paýnamalarynyň kotirowkasynyň pese gaçmagy sebäpli, soňky iki günde 50 milliard dollardan hem köp maýasyny ýitirdi diýip, Blumberg habarlar gullugy habar berdi.
Elektrik ulaglaryny öndürijiniň gymmatbaha kagyzlarynyň nyrhy geçen şenbede Mask Twitteriň abunaçylaryndan Tesla kompaniýasynyň özüne degişli paýnamalarynyň 10 göterimini satmak meýli barada maslahat sorap ýüz tutandan soňra pese düşdi, netijede sişenbede Nýu-Ýorkuň gazna biržasynda satuwlaryň ýapylmagyna çenli Teslanyň paýnamalarynyň bahasy 16 göterimden hem arzanlady.
Bu ýagdaý telekeçiniň emläginiň nyrhyna hem ýaramaz täsir etdi, Blumbergiň bilermenleriniň pikirine görä, iki günde dünýäniň iň baý adamy 50 milliard dollarlyk derejede ýitgi çekdi.
Şu duşenbede Maskyň emlägi 323 milliard dollar bahalanypdy, ikinji baý adam bolan Amazon korporasiýasynyň eýesi Jeff Bezosyňky 201 milliard dollar diýlip hasaba alnypdy.
