Turkmenportal logo
27.10.21
4845748457
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradowyň Albrektsson bilen söweşi üçin tölegi belli boldy

17-nji oktýarda ABŞ-nyň Arizona ştatyndaky Finiks şäherinde geçirilen «Bellator 268» ýaryşa gatnaşyjylaryň tölegi belli boldy. «Bellator 268» ýaryşyna gatnaşyjylaryň ählisiniň tölegleri «Allboksing» neşiri tarapyndan neşir edildi.


32 ýaşly garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow şwesiýaly Karl Albrektsson bilen bolan tutluşyk üçin 70 müň dollar gazandy. Garşydaşy bolsa tutluşyk üçin 50 müň dollar aldy.


Ýadyňyzda bolsa Döwletjan Ýagşymyradow Karl Albrektssondan eminleriň biragyzdan gelen karary (29:28, 29:28, 29:28) bilen ýeňildi.