Turkmenportal logo
15.10.21
53095309
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler
Aşgabatda jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.


Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20, 39-19-21.