Turkmenportal logo
01.01.15
7089270892
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dollaryň resmi nyrhy ýokarlandy

Aşgabat, 1-nji ýanwar. «Türkmenportal».


Türkmenistanyň Merkezi banky şu günden, ýagny 1-nji ýanwardan dollaryň täze resmi nyrhynyň kesgitlenilendigi hakynda öz resmi saýtynda habar berdi.


Saýtda ýerleşdirilen walýutalaryň nyrhnamasyndan mälim bolşy ýaly, dollaryň resmi nyrhy 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 3 manat 50 teňňä barabar bolupdyr.


Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemme banklarynda dollaryň satyn alyş nyrhy 3.4913 manada, satyş nyrhy 3.5175 manada deň.