Turkmenportal logo
01.10.21
1825418254
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýony bedew atlar bilen bezeldi

1-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 192 döwletiň we birnäçe halkara guramalaryň gatnaşmagynda 182 gün dowam etjek “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýty habar berýär.


9-njy oktýabr türkmen ekspozisiýasyna bagyşlanar. Türkmenistanyň pawilýony «Ykjamlyk» sergisinde ýerleşýär. Türkmen ekspozisiýasyna gatnaşylara multimediýa tehnologiýalary arkaly dünýä belli Ahalteke atlaryna we ajaýyp türkmen halylaryna bagyşlanan wideolar, şeýle-de pagta we bugdaýyň “ösüşini” görkezýän täsirli gologrammalar görkeziler.


Türkmenistanyň "EKSPO-2020" Bütindünýä sergisine gatnaşmagy ýurdumyzyň gazananlaryny we ykdysady potensialyny dünýä jemgyýetçiligine görkezip, Türkmenistan-BAE gatnaşyklaryny täze derejä çykarmagyna garaşylýar.