Turkmenportal logo
30.09.21
76967696
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen toý lybaslary Gazagystandaky sergide görkezildi

Gazagystanyň gündogaryndaky Ust-Kamenogorsk şäherinde guralan sergide milli toý lybaslary görkezilýär.


Köp milletli Ust-Kamenogorsk bu ýerde ýaşaýan dürli halklaryň medeniýetini özünde jemleýär. Muňa gündogar Gazagystan sebtinde binagärlik-etnografiýa we tebigat-landşaft muzeý-goraghanasynda guralan lybaslar sergisi-de şaýatlyk edýär.


Gazagystanyň, Russiýanyň, Koreýanyň, Tatarystanyň, Ukrainanyň we Germaniýanyň halklarynyň özboluşly toý lybaslarynyň arasynda Türkmenistandan eksponat edilen lybas has-da göze geluwly gelýär.


1980-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet muzeýinden bu muzeý-goraghana 1975-nji ýylda aşgabatly çeper elli zenanyň dokan ketenisinden tikilen zenan toý lybasy peşgeş berlipdi.


Gyz-gelinleriň toý lybaslaryny köpsanly şaý-sepler bezäpdir. Gadym döwürden bäri olar diňe bir owadanlyk üçin zenan döşünde ýerleşdirilmän, eýsem göz-dilden goraýan doga-tumar hökmünde hem ulanylypdyr. Gelin-gyzlaryň toý lybasyndaky jaňjagazlaryň owazy olary gyz gözelligine aşyk al-arwahlardan gorapdyr.


Sergi halklaryň maddy we ruhy mirasyny beýan edýär. Bu ýerde görkezilýän eksponatlar etnografiýa saparlarynda toplandy, respublikan we halkara ýarmarkalaryndan satyn alyndy, şeýle hem Gazagystanda işleýän konsullyklaryň hem-de ilçihanalaryň ýardamy bilen birnäçe ýyllayň dowamynda toplandy.