Turkmenportal logo
20.09.21
77727772
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy Türkmenistanyň hökümetine Döwlet Duma saýlawlarynda ses berişligi guramakda kömek berenligi üçin minnetdarlyk bildirdi

2021-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Federal mejlisiniň Döwlet Dumasynyň VIII çagyrylyşynyň deputat saýlawlary Aşgabatdaky (№8287), Marydaky (№8035), Türkmenbaşydaky (№8288), Daşoguzdaky (№8288) we Türkmenabatdaky (№8290) saýlaw uçastoklarynda geçirildi.


Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasyndaky habara görä, biziň ýurdumyzda saýlawlara 763 rus raýaty gatnaşdy.


Habarda: «Ilçihana ses berişligi guramakda kömek berenligi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna sag bolsun aýdýar.» - diýlip beýan edilýär.


Russiýa Federasiýasynyň raýatlary şu ýylyň 17-nji sentýabryndan 19-njy sentýabry aralygynda ýurduň Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlara gatnaşyp, ses berdiler.


Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň agzalary garyşyk saýlaw ulgamyna laýyklykda bäş ýyllyk möhlete saýlanýar: 225 deputat partiýa sanawlaryndan, ýene 225 adam – bir mandatly saýlaw okruglaryndan bir tapgyrda geçýär.