Turkmenportal logo
04.09.21
62906290
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan weloýöriş geçirildi

Baku şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi. Bu barada «Trendiň» habarynda aýdylýar.


Sport çäresini Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy Bakuwyň milli parky bilen bilelikde gurady. Oňa diplomatik korpusyň wekilleri, türkmenistanly talyplar we welosporty söýüjiler gatnaşdy.


Welosipedçiler irden 10-da Azerbaýjanyň Döwlet baýdak meýdançasynda duşuşdylar. Ýöriş Kenarýaka bulwaryň ýodalarynda geçirildi.