Turkmenportal logo
03.09.21
59115911
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa Owganystandaky ýagdaý barada pikir alyşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň ýanyndaky Günorta Aziýa ýurtlary we Arkalaşyk boýunça Döwlet ministri Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly gepleşigini geçirildi.


Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.


Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibine degişli pikirler alyşyldy. Owganystan boýunça ynsanperwer häsiýetli meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.