Turkmenportal logo
18.08.21
1369613696
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Owganystandaky diplomatik wekilhanalary işini hemişeki ýaly dowam etdirýär
Türkmenistanyň Owganystandaky diplomatik wekilhanalary işini hemişeki ýaly dowam etdirýär

Owganystandaky häzirki içeri syýasat wakalary bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasy we ýurduň Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklary adaty tertipde işlemeklerini dowam edýärler.


Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habaryna görä, ilçihananyň we konsullyklaryň binalarynyň daş-töweregi «Таliban» hereketiniň wekilleri tarapyndan goralýar. Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hereket etmeginiň adaty tertibine laýyklykda öz üstlerine ýüklenilen wezipelerini doly göwrümde ýerine ýetirýärler.


Diplomatik wekilhananyň hem-de konsullyk edaralarynyň işgär sanynyň azaldylmagy ýa-da hünärmenleriň bölekleýin ýurtdan çykarylmagy amala aşyrylmady.