Turkmenportal logo
11.08.21
1868218682
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edip başlady

2021-nji ýylyň awgust-dekabr aýlary aralygynda Türkmenistan Gyrgyzystany 501 million 900 müň kWt-sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Bu barada Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, "Sputnik" habar berdi.


Habarda bellenilişi ýaly, degişli şertnama Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Purçekow we Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministri Doskul Bekmurzaýew gol çekdiler.


Ylalaşylan şertnamanyň çäginde Türkmenistan 9-njy awgusta çenli Gyrgyzystana 19 million 200 müň kWt-sagat elektrik energiýasyny eksport etdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Gyrgyzystana iberilmegi maslahatlaşyldy.