Turkmenportal logo
24.07.2021
66226622
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Marvel» animasiýa studiýasyny taýýarlaýar

Amerikanyň «Marvel Cinematic Universe» media franşizasy multfilm döretmek üçin studiýa açmagy meýilleşdirýär. Bu barada studiýanyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti mälim etdi.


Wiktoriýa Alonso bu barada «Kiçi studiýa diňe animasiýa taslamalary üçin niýetleniler. Kompaniýa bu babatda köp taslamalary meýilleşdirýär» diýdi. «Marvel» eýýäm ilkinji köp bölümli animasiýasyny taýýarlaýar.


Kompaniýa ýylyň ahyryna çenli şeýle animasiýa işleriniň ikisini tomaşaçylara hödürlär.