Turkmenportal logo
22.07.2021
86308630
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar içgysma sebäpli ykjam oýunlary oýnamagyň zyýany baradaky pikirlerini paýlaşdylar

Kanadanyň Waterlo uniwersitetiniň alymlary ykjam oýunlaryň adam aňyna edýän täsirini öwrenmek boýunça gözleg geçirdiler. Gözlegler oýunlaryň negatiw keýplerden we içgysgynçlyk duýgularyndan gaça durmak üçin oýnaýan oýunçylara zyýanly bolup biljekdigini görkezdi. Alymlar içgysgynçlykdan smartfonlarda oýun oýnaýan adamlar adaty oýunçylara garanyňda oýna has içgin siňýär diýen netijä geldiler.


Şol bir wagtyň özünde, şeýle adamlar wagt we giňişlik duýgusyny ýitirip, oýun wagtyny has uzaldýarlar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu gözlegleriň netijesi oýunçylara wagt çägini goýmaga ýardam berer. Şeýlelikde, boş wagtymyzy bihal sarplamagyň öňüni alyp bileris.