Turkmenportal logo
21.07.21
1071110711
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Emomali Rahmona onuň aýal doganynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona onuň aýal dogany – Kurbonbi Rahmonowanyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi.


«Şu hasratly pursatda Siziň gynanjyňyzy paýlaşýaryn, şeýle hem Size we maşgalaňyzyň ähli agzalaryna sabyr-takat we ruhy durnuklylyk arzuw edýärin. Beýik Allatagaladan merhumyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileýärin» diýlip, gynanç hatynda bellenilýär.