Turkmenportal logo
10.07.2021
76197619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanda ýer yrandy

10-njy iýulda Täjigistanyň gündogarynda 5 adamyň heläk bolmagyna getiren güýji 6,0 derejä deň bolan ýer yranmasy hasaba alyndy. Bu barada “RIA nowosti” habarlar gullugy habar berdi.


Habara görä, Duşanbe şäherinden demirgazyk-gündogarda 165 kilometrde we Raşt etrabyndan 21 kilometr gündogarda ir sagat 7:14-de hasaba alnan sarsgynlaryň netijesinde 5 adam gurban boldy.


Ýerasty sarsgynlar netijesinde Täjikabat etrabynyň Langari Şoh obasynda pida bolanlaryň arasynda kämillik ýaşyna ýetmedikler hem bar, Raşt etrabynyň beýleki obalarynda şikes alanlar dessine hassahana ýerleşdirilipdir.