Turkmenportal logo
10.07.21
14981498
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýazyjynyň mülki satuwa çykaryldy

ABŞ-da nusgawy amerikan ýazyjysy Mark Tweniň ömrüniň soňky ýyllaryny geçiren mülki satuwa çykaryldy. Mülk ýazyjynyň hekaýalarynyň biriniň hormatyna “Stormfild” diýlip atlandyrylýar.


Bu barada “Mansion Global” gozgalmaýan emläk portaly 7-nji iýulda habar berdi.


Ýazyjynyň öýi Konnektikut ştatynyň Redding diýen ýerinde ýerleşýär we onuň medeni mirasynyň bir bölegi hasaplanýar. Ýazyjy ony 1908-nji ýylda gurdy we bary-ýogy iki ýyl ömür sürüp, ýurduny täzeledi, ýagny 1910-njy ýylda, 74 ýaşynda aradan çykdy.


On bir gektar meýdany tutýan mülk üçin auksionda 4,2 million dollar başlangyç baha kesildi. Bu ýerde balahanaly öý, howuz hem-de güllere beslenip oturan ajaýyp bagy-bossanlyk ýerleşýär.


Mülk ýazyjynyň döredijiliginiň muşdaklarynyň iň köp zyýarat edýän ýeridir.