Turkmenportal logo
27.06.21
2559625596
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan COVID-19-a garşy 1 million 500 müň doza waksina satyn alar

Ilatyň saglygyny berkitmek we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 1 million 500 müň doza COVID-19 ýokanjyna garşy waksinasyny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “China National Biotec Group Company Limited” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.


Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.