Turkmenportal logo
26.06.2021
52525252
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Instagram» mümkinçiliklerini giňeldýär

― Indi meşhur sosial ulgamyň ulanyjylary üçünji tarap programmalaryny ulanmazdan stasionar kompýuterlerden neşir iberip bilerler ― diýip, «rbc.ru» habar berýär.


«Facebook»-yň metbugat sekretary Kristin Paýyň pikirine görä, häzir ulanyjylaryň köpüsi «Instagram»-a kompýuterden girýär we bu prosesi gowulandyrmak üçin kompaniýa «brauzer arkaly Instagram-a ibermek mümkinçiligini» synagdan geçirýär.


Mundan ozal, «Instagram»-iň dolandyryşy iş stoly wersiýasynyň döredilmegine garşydy, sebäbi bu programma ilki bilen smartfon ulanyjylary üçin döredilipdi. Emma wagtyň geçmegi bilen ulanyjylar ony kompýuterde has işjeň peýdalanyp başladylar.


Hünärmenleriň pikiriçe, «Instagram»-yň täzelikleri geljekde beýleki meşhur platformalardan ulanyjylary özüne çekjek bu hyzmat üçin giň gerimli ösüş meýilnamasynyň bir bölegidir.