Turkmenportal logo
04.06.21
2176621766
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabatdan Awaza howa gatnawy açyldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak isleýän lebaplylar indi oňa uçarda hem baryp bilerler. 1-nji iýundan Türkmenabat halkara howa menzilinden «Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat» ugry boýunça howa gatnawlary dikeldildi.


Bu barada «Jeyhun.news» habar berýär.


Ozal dünýäde koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly Türkmenabat halkara howa menzilinden sebitlere howa gatnawy bes edilipdi. Diňe «Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenabat» aralygynda ýolagçy gatnawy amala aşyrylýardy.


«Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat» ugry boýunça ýolagçylaryň gatnawy duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Howa gatnawlarynyň tertibi «Türkmen gündogary» gazetiniň 3-nji iýundaky sanynda çap edildi.


Gatnawlar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen amala aşyrylar.