Turkmenportal logo
17.05.21
10501050
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň kubogy ― 2021: «Altyn asyr» birinji ýarymy 3:1 hasabynda öňde tamamlady

AFK-nyň kubogy ― 2021-iň çägindäki «Alaý» ― «Altyn asyr» duşuşygynyň birinji ýarymy 1:3 hasabynda türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.


Duşuşygyň 2-nji minudynda «Alaýyň» ýarym goragçysy Oýbek Abdugaffurow pökgini öz derwezesine geçirip, «Altyn asyry» hasapda «öňe çykardy».


29-njy minutda «Alaý» goragçy Aidar Mambetaliýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi. Gol pasyny T.Belaid berdi.


Duşuşygyň 41-nji minudynda «Altyn asyr» ikinji gezek öňe saýlandy. Bu gezek 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Altymyrat Annadurdyýew boldy. Şeýlelikde, ol şu ýaryşyň taryhyndaky 21-nji, möwsümdäki üçünji pökgüsini geçirdi.


44-nji minutda ýarym goragçy Wezirgeldi Ylýasow «aragatnaşykçylaryň» üçünji pökgüsini hem geçirdi. Oňa gol pasyny goragçy Röwşen Halmämmedow berdi.


Şeýlelikde, «Altyn asyr» duşuşygyň birinji ýarymyny 3:1 hasabynda öňde tamamlady.


Ildeşlerimize ikinji ýarymda hem üstünlik arzuw edýäris!