Turkmenportal logo
14.05.21
1312213122
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmen teatr sungaty» bäsleşiginiň üçünji güni

Sagat 11-den 12:30 aralygynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda teatryň «Türkmeniň bagty» atly sahna oýny bilen «Türkmen teatr sungaty» atly festiwal bäsleşiginiň üçünji gününe badalga berler.


Gündiz sagat 15-den 17 aralygynda bolsa Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň «Arçman rowaýaty» atly sahna oýny görkeziler.


Günüň tomaşalary 19.00 ― 20.30 aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda teatryň «Ömür daragty» atly sahna oýny bilen tamamlanar.


Bu festiwal bäsleşiginiň 16-njy maýda tamamlanjakdygyny ýatladýarys.