Turkmenportal logo
11.05.2021
1340713407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna getiren, olaryň köpüsiniň neresse çagalaryň bolmagy bilen bagly pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.


Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi | Turkmenportal.com