Turkmenportal logo
10.05.21
1396013960
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy Stambul şäherine ýörite uçuş gurady

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy şu gün «Turkish Airlines» kompaniýasynyň Türkmenabatdan Stambula ýörite uçuşyny gurady. Bu barada «Atavatan-Türkmenistan» halkara žurnalynyň resmi saýty awiakompaniýanyň Aşgabatdaky edarasyna salgylanyp habar berýär.


Stambulyň halkara howa menziliniň onlaýn rejenamasyna görä, «Boeing 737-8F2» uçary ýerli wagt bilen 19:49-da Türkiýäniň iň uly şäherine gondy.