Turkmenportal logo
08.05.21
1196711967
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň teatrlarynyň hazynasy täze eserler bilen baýlaşdyrylar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň teatrlarynyň hazynasy täze eserler bilen baýlaşdyrylar. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa tabşyryk berdi.


Şeýle hem döwlet Baştutany teleradioýaýlymlarda Garaşsyzlygymyzyň 30, Aşgabadyň 140 ýyllyk ýubileýlerine, döwletimiziň Bitaraplygyna bagyşlap, gowy we täsirli gepleşikleriň taýýarlanmalydygyna, täze aýdymlaryň döredilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.