Turkmenportal logo
07.05.21
1584515845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi gaýtadan işläp başlady

«Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi täzeden doly güýjünde işläp başlady. Bu barada «Türkmenportala» seýilgähiň dolandyryşy tarapyndan habar berildi.


Seýilgäh her gün ir sagat 10-dan agşam 22-ä çenli işlär. Her hepdäniň çarşenbe güni bolsa arassaçylyk güni bolar.


Seýilgähiň işine 2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda wagtlaýyn çäklendirmeleriň girizilendigini ýatladýarys. Bu çäklendirmeler ýokanç keselleriň ýaýramak töwekgelçiliginiň öňüni almak maksady bilen girizildi.