Turkmenportal logo
26.04.21
4048640486
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýörite uçuş bilen Tatarystandaky türkmen raýatlary getirildi

Şu gün «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «Boeing 777-200LR» kysymly uçary Russiýadaky türkmen raýatlarynyň bir toparyny Kazan ― Türkmenbaşy ugry boýunça Watanyna alyp geldi.


Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan geçirilen bu uçuş T5742 gatnawy bilen bellige alyndy.


Kazan ― Türkmenbaşy aralygyndaky mundan ozalky uçuş 9-njy aprelde amala aşyrylypdy. Onda Türkmenistanyň raýatlarynyň 275-si getirildi.