Turkmenportal logo
23.04.21
87388738
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda çeh kompozitory Antonin Dworžagyň doglan gününiň 180 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler

Şu ýyl görnükli çeh kompozitory, romantizmiň wekili A.Dworžagyň 180 ýyllygy bellenýär (1841-1904). Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kamera topary kafedrasy öňki däbini dowam edip, saz äleminde öçmejek yz goýan kompozitoryň hormatyna 28-nji aprelde okuw jaýynyň Uly zalynda aýdym-saz agşamyny geçirýär.


Dworžagyň baý mirasyndan 11 opera, 9 simfoniýa, simfoniki poemalar, hor-köpçülik aýdymlary, romanslar bize tanyşdyr. Oňa bagyşlanan agşamda Begenç Moşyýew kompozitoryň «Sygan aýdymlaryndan» dört romansy aýdar.


Çeh kompozitorynyň meşhur eserleriniň biri ─ dört bölekden ybarat Sonatinany Halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Aýbölek Muhyýewa (skripka), halkara bäsleşiginiň sylagyny alan Stella Faramazowa (fortepiano) ikisi ýerine ýetirer.


Tomaşaçylar türkmen sazandalarynyň zehinli dörtlügi: Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow (fortepiano), Bahram Dolyýew (skripka), Tahyr Ataýew (alt-skripka), Kakageldi Hojalekow (wiolonçel) dagylaryň çykyşynda Dworžagyň seýrek eşidilýän 2-nji Kwartetini diňlärler.


Dworžagyň «Ave Maria» atly eseri Maýa Gullaýewanyň labyzly messo-soprano sesinde ýaňlanar. Agşamda saz muşdaklary meşhur kompozitoryň we dirižýoryň döredijiliginiň ösüş menzillerini görkezýän beýleki eserlerini-de diňlärler.
Aýdym-saz agşamy sagat - 18.30-da başlanar.