Turkmenportal logo
04.04.21
3267432674
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DHÇMB resminalary elektron görnüşde kabul edip başlaýar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hyzmatdaşlaryndan işde sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen, resminama dolanyşygyny elektron görnüşine geçirilýändigi sebäpli, Birža tabşyrylýan şertnamalary deslapdan ylalaşmak üçin resminamalary WORD görnüşinde aşakdaky görkezilen elektron salgylaryna ibermegi haýyş edýär:


  1. Maliýe gözegçiligi bölümi boýunça - maliye_gozegcilik@exchange.gov.tm
  2. Hasaba alyş bölümi boýunça- hasaba_alys@exchange.gov.tm
  3. Baha seljeriş we bazary öwreniş bölümi boýunça - baha_seljeris@exchange.gov.tm

Şertnamalaryň taslamalary degişli bölümler tarapyndan seredilip, berilen bellikler hyzmatdaşlaryň elektron poçtasyna yzyna gaýtarylar.