Turkmenportal logo
19.03.21
1484114841
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
"Türkmenportal" tejribeli alypbaryjylar üçin kasting yglan edýär

“Türkmenportal” wideo ýazgylar üçin alypbaryjylary işe almak üçin kasting geçirýär. Täze iş orunlar tematiki wideolary alypbaryjynyň we onuň işini guraýjynyň işini öz içine alýar.


19-njy martdan dalaşgärlerden arzalar kabul edilip başlandy. Gözden geçirilişden üstünlikli geçen dalaşgärler 22-nji martdan 26-njy mart aralygynda geçiriljek kastinge çagyrylar. Kasting netijeleri 29-njy martda yglan ediler.


Ýeňijiler “Turkmenportal”-yň täze wideo programmalar bilen bagly wideoýazgylarynda çykyş ederler.


Esasy talaplar:


  • 18 ýaşdan uly bolmaly;
  • daşky keşbi alypbaryjylyga laýyk gelmeli;
  • grammatik taýdan dogry gürlemeli;
  • kamera bilen işleşip bilmek ukyby bolmaly;
  • dalaşgärler türkmen we rus dillerinde erkin we arassa gowy gürlemeli.

"Türkmenportal"-yň wideo şekilleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar. Olar web sahypada we “Turkmenportal”-yň ähli sosial ulgamlarynda paýlaşylýar.


Boş ýer barada ähli jikme-jik maglumatlar bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!


Kastingyň şertleri bilen jikme-jik tanyşmak üçin şu wideony görüň.