Turkmenportal logo
17.03.21
1123011230
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TSTB-niň sergisinde «Bärde Biz» atly mahabat katalogy tanyşdyryldy

TSTB-niň sergi-ýarmarkasynda hususy kärhanalaryň köp sanlysy barada mahabat maglumatlaryny öz içine alýan «Bärde Biz» atly katalog hem tanyşdyryldy. Taslamnyň awtory we müdiri Maral Annanurowa katalog barada «Türkmenportalyň» habarçysyna şeýle gürrüň berdi:


― Türkmen kompaniýalarynyň alyp barýan işini mahanatlandyryjy katalogyň işine geçen ýylyň sentýabr aýynda badalga berildi. Hususyýetçileriň köp sanlysy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde biz ony eýýäm 1-nji marta çenli taýýar etdik. Şeýlelikde, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýardam bermeginde katalog çap edildi.


Geljekde onuň geografiki çägini has giňeldip, her 6 aýdan bir gezek taýýarlap durmagy meýilleşdirýäris.


Şeýle neşiriň kömegi bilen telekeçilerimiz hyzmatdaş tapyp, önümini ýa-da hyzmatlaryny mahabatlandyryp bilerler. Şeýlelikde, katalog olara giň mümkinçilikleri bagyşlar. Biz onda kompaniýalar baradaky ähli maglumatlary: salgysyny, telefon belgilerini, elektron poçtasyny we web sahypasyny görkezmäge çalyşdyk.


Bu katalog geljekde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri barada gürrüň berýän žurnala öwrülip biler.