Turkmenportal logo
16.03.21
52805280
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýieti ÝHHG-niň mejlisinde beýannama bilen çykyş etdi
Türkmen wekiliýieti ÝHHG-niň mejlisinde beýannama bilen çykyş etdi

15-nji martda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliyeti 2021-nji ýylynyň - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.


Türkmenistanyň wekiliýeti ýakyn ýyllarda halkara jemgyýetçiliginiň aşakdaky möhüm ugurlara üns bermegiň zerurdygyny belledi - halkara hukugynyň pugtalandyrylmagy, ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak, halkara terrorçylyga we transmilli howplar garşy göreşmek.


Öňüni alyş diplomatiýasynyň irki döwürde jedelleri we dawalary çözmekde wajyp gural hökmünde ulanmak, energiýa, ulag, suw, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmek meselelsinde goldaw bermek we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýaly mowzuklara hem uly üns berildi.


Pandemiýany ýeňip geçmek we onuň netijelerini aradan aýyrmak boýunça halkara tagallalarynyň birikdirilmegi ýakyn ýyllarda iň derwaýys meseleleriň biri hökmünde görkezildi. Bu hem-de global gün tertibindäki beýleki möhüm meseleleriň çözülmegi üçin bolsa parahatçylyk, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak, jogapkärçilik we öňdengörüjilik ýaly esasy şertleriň üpjün edilen halatynda ýerine ýetirilip bilinjekdigi bellendi.