Turkmenportal logo
06.03.21
2767827678
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda meşhur kaşaň gap-gaç brendleriniň dükany açyldy

Ýakynda Aşgabatda «Altyn Zaman» söwda merkeziniň birinji gatynda «M Crystal» dükany müşderilere hyzmat edip başlady. Bu dükan meşhur gap-gaçlaryň söwdasyna ýöriteleşendir. Wedgwood, Waterford, Rosenthal, Sambonet, Moser ýaly adybelli brendleriň ýokary hilli önümlerini diňe şu dükandan satyn alyp bilersiňiz.



«M Crystal» — bu brendleriň Türkmenistandaky ýeke-täk dileridir. Dükanyň harytlarynyň ählisi ekologiýa taýdan arassa, zerur barlaglaryň ählisinden geçen bolup, degişli şahadatnamalara eýedir.


«M Crystal» dükanynyň hünärmeni şeýle belleýär:


- Kaşaň gap-gaçlaryň ady rowaýata öwrülen brendleriň önümleriniň muşdaklary üçin bizde teklip edere zat kän. Meşhur çeh hrustaly bolan «Mozeri», ýagny çeperçilik gymmaty hem-de hili babatda dünýäde iň gowy hrustaly diňe biziň dükanymyzdan satyn alyp bilersiňiz. Mozer patyşalyk hem-de prezidentlik köşklerini resmi taýdan hrustal önümleri bilen üpjün ediji bolup durýar.


Farfordan taýýarlanylan Rosenthal önümleri bolsa döwrebap dizaýnyň hem-de aňrybaş sungatyň jemlenmesi bolup durýar. Rosenthal diýmek bu häzirki zaman interýerlerini, stolüsti bezeglerini şonsuz göz öňüne getirip bolmaýan, galyberse-de, ajaýyp sungat eserinden lezzet almaga mümkinçilik berýän önümler diýmekligi aňladýar. Täsin ýeri: Rosenthal kompaniýasyny esaslandyryjy Filip Rozentalyň karýerasy gap-gaç ýuwmakdan başlanypdyr.



Çaý içmek dabaralarynyň hakyky muşdaklary Wedgwood çaý farforlaryny bilýän bolsalar gerek?! Bu iňlis firmasynyň öndüren farfor we faýans önümleri 1762-nji ýyldan bäri «patyşalyk» önümleri diýlip atlandyrylýar. Wedgwood häzirki wagtda iň meşhur önümi — süňk farforydyr. Ol farfor daşyndan, ýörite palçykdan we düzüminde kalsiý saklaýan haýwanlaryň owradylan süňkünden ybarat bolan üç düzümiň esasynda taýýarlanylýar.«Rolls-Roýs-uň» tekeriniň aşagynda goýlan kofe çaşkasy äpet awtoulagyň agramyna çydamlydyr. Biziň dükanymyzdan Wedgwood-yň tutuş toplumyny bolşy ýaly, onuň aýratyn önümlerini hem satyn alyp bilersiňiz.


Bir söz bilen aýdylanda, kaşaň gap-gaçlaryň doly toplumy bilen  tanyşmak üçin bu dükana baryp, her brendiň taryhyna ser salmaly. Kämil önümlere we aňrybaş hil derejesine janly şaýat bolmaly.