Turkmenportal logo
26.02.21
72907290
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabatda raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edilişigi geçiriler

Lebap welaýatynyň Adalat bölümi 3-nji martda jemgyýetçilik kabul edilişigini geçirer. Oňa prokuraturanyň we kazyýet edaralarynyň, aklawçylar kollegiýasynyň we welaýat häkimliginiň wekilleri gatnaşar. Şol gün welaýatyň ýaşaýjylary hukuk meseleleri boýunça ýüz tutup bilerler ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.


Lebat welaýat Adalat bölüminiň salgysy: Türkmenabat şäheri, A.Nyýazow köçesiniň 8-nji jaýy.


Jemgyýetçilik kabul edilişigi sagat 17-de başlanýar.


Habarlaşmak üçin: +993 422 3-30-40.