Turkmenportal logo
24.02.21
42034203
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň ýaşlarynyň maslahatyna gatnaşar
Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň ýaşlarynyň maslahatyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji martda Astrahanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň ýaşlar guramalarynyň arasyndaky iri maslahata gatnaşarlar.


Bu çäre Gazagystan Respublikasynyň Astrahan şäherindäki Baş konsullygynyň, Russiýa Federasiýasynyň Ýaşlar birleşiginiň we Astrahan oblastynyň dolandyryşynyň goldawy bilen geçiriler.


Çärä Astrahanyň gubernatory Igor Babuşkiniň, «Rossotrudniçestwo» guramasynyň başlygy Ýewgeniý Primakowyň, Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan, şeýle hem Moskwa we Russiýa sebitleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.


«Hazar ― Ýewraziýa» merkeziniň howandarlygyndaky Astrahan Döwlet tehniki uniwersitetinde bu duşuşygyň öňüsyrasynda «Hazary birleşdirmek: ynsanperwerlik taslamalary we ýaşlaryň başlangyçlary» atly maslahat geçirildi.