Turkmenportal logo
23.02.21
1242812428
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri ikiýyllyk hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnama gol çekdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021–2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekildi ― diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.


Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de iki döwletiň maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi hem iki döwletiň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.