Turkmenportal logo
21.02.21
2813528135
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2021-nji ýylyň 22-24-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


Wise-premýer iş saparynyň barşynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geçiriljek syýasy geňeşmelere hem-de «Türkmenistan — Türkiýe — Azerbaýjan» üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. 


Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.