Turkmenportal logo
09.02.21
1016510165
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Aşgabatdaky iň gowy onlaýn dükan” bäsleşiginiň netijelerini jemlemek pursady ýakynlaşýar

“Turkmenportal” tarapyndan gurnalan paýtagtyň iň oňat onlaýn dükany diýen bäsleşigiň tamamlanmagyna az wagt galdy.


11-nji fewralda bäsleşigiň netijelerini jemlemek we ýeňijini kesgitlemek göz öňünde tutulýar.


Ýatladyp geçsek, 1-nji fewralda başlanan bäsleşige 12 onlaýn sany dükan gatnaşdy:



Iň gowy onlaýn dükan aşakdaky ugurlar boýunça kesgitlener:


  • sargyt kabul etmegiň wagty;
  • gowşuryş wagty;
  • harytlaryň suratdakysy bilen meňzeşligi;
  • kart arkaly tölemek aýratynlygynyň bolmagy.

Bäsleşigiň esasy ýeňijisinden başga-da, “Çalt hyzmat”, “Ýokary hilli önümler” we “Sahy satyjy” ýaly üç ugur boýunça iň gowy onlaýn dükanlar hem baýrak alar. Baş baýragyň ýeňijisi bolsa, “Turkmenportal”-dan dükan barada giňişleýin syn wideosyny alar.