Turkmenportal logo
06.02.21
1221312213
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguz welaýatynda boş iş orunlaryny hödürlemek çäresi geçiriler

«Daşoguz habarlary» gazetinde çap edilen bildiriş arkaly S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda Nyýazow şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 1-nji «D» jaýynda ýerleşýän Medeniýet öýünde sagat 9:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.


Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmekleri; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklary haýyş edilýär.


Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Nyýazow şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 1-nji «D» jaýy.


Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 8-00-348-3-00-98.