Turkmenportal logo
02.02.21
1070410704
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda geologiýa-gözleg işleriniň depginini güýçlendirmegi talap etdi

Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumynyň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. 


Döwlet Baştutany geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegi, aýratyn hem, nebitiň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga degişli ugurlarda işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy. 


Milletiň Lideri döwlet korporasiýasynyň işine häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalary esasynda täzeçil usullary ornaşdyrmagyň pudagyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, şu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.