Turkmenportal logo
30.01.21
9087490874
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny ýaza çenli uzaldýar

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Russiýadaky ofisi COVID-19 pandemiýasy we ýolagçylaryň howpsuzlygy sebäpli awiakompaniýanyň 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň uzaldylýandygyny habar berýär.


Petekler 2021-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda hereket edýär. Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin petegini çalşyp bilerler. Munuň üçin uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly we çalyşmak üçin petek satyn alnan ýeri bilen habarlaşmaly. Syýahat amala aşyrylmasa, ýolagçy şol bir wagtyň özünde petegini yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup biler.


Aşakdaky ugurlarda ähli uçuşlar ýatyrylýar:


Aşgabat - Stambul - Aşgabat


Aşgabat - Moskwa - Aşgabat


Aşgabat - Sankt-Peterburg - Aşgabat


Aşgabat - Kazan - Aşgabat


Aşgabat - Minsk - Aşgabat


Aşgabat - Almaty - Aşgabat


Aşgabat – Frankfurt-Main - Aşgabat


Aşgabat - Birmingem - Aşgabat


Aşgabat - Amritsar - Aşgabat


Aşgabat - Deli - Aşgabat


Aşgabat - Dubaý - Aşgabat


Aşgabat - Abu Dabi - Aşgabat


Aşgabat - Pekin - Aşgabat


Aşgabat - Bangkok - Aşgabat