Turkmenportal logo
29.12.20
7163871638
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 31-nji ýanwara çenli uzaldýar
«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 31-nji ýanwara çenli uzaldýar

«Türkmenhowaýollarynyň» Russiýa Federasiýasyndaky ofisi COVID-19 pandemiýasy we ýolagçylaryň howpsuzlygy sebäpli awiakompaniýanyň 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň uzaldylýandygyny habar berýär.


Petekler 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär. Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin petegini çalşyp bilerler. Munuň üçin uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly we alyş-çalyş üçin petek satyn alnan ýeri bilen habarlaşmaly. Syýahat amala aşyrylmasa, ýolagçy şol bir wagtyň özünde petegini yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup biler.


 


Aşakdaky ugurlarda ähli uçuşlar ýatyryldy:


 


Aşgabat - Stambul - Aşgabat


Aşgabat - Moskwa - Aşgabat


Aşgabat - Sankt-Peterburg - Aşgabat


Aşgabat - Kazan - Aşgabat


Aşgabat - Minsk - Aşgabat


Aşgabat - Almaty - Aşgabat


Aşgabat - Frankfurt - Main - Aşgabat


Aşgabat - Birmingem - Aşgabat


Aşgabat - Amritsar - Aşgabat


Aşgabat - Deli - Aşgabat


Aşgabat - Dubaý - Aşgabat


Aşgabat - Abu Dabi - Aşgabat


Aşgabat - Pekin - Aşgabat


Aşgabat - Bangkok - Aşgabat